Täzelikler

YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞLARYNYŇ ARASYNDA YLMY IŞLER BOÝUNÇA BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIŞI

YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞLARYNYŇ ARASYNDA YLMY IŞLER BOÝUNÇA BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIŞI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň  mekany” ýylynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň okamaga, döretmäge, öz ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmaga giň mümkinçilikler döredilen.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň esasy ylmy işgäri Gülşat Meredowa Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp boldy we Hormatly Prezidentimiziň şahadatnamasy we kompýuter sowgady bilen sylaglandy. Sylaglamak dabarasynyň çäklerinde ýurdumyzyň medeniýet sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserdi dabaraly ýagdaýda geçirildi. Biz hem öz gezegimizde kärdeşimiz Türkmenistanyň ýaş alymy Gülşat Bäşimniýazowna Meredowany we beýleki ähli ýaş alym ýeňijileri alan şa serpaýlary bilen gutlaýarys. Biz ýaşlara okamana, öwrenmäge,  döredijilikli zähmet çekmäge we ylmy işleri bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun il bähbitli ýurt ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn.
                                       

Isaýew Ezizhan
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň
bölümçe başlygy